Ýewropaly türkler PKK-nyň hakyky ýüzüni görkezmegi meýilleşdirýär

Belgiýada ýaşaýan türkler terrorçylaryň çadyrynyň hakyky ýüzüni görkezmek üçin özleriniň çadyryny gurarlar

461335
Ýewropaly türkler PKK-nyň hakyky ýüzüni görkezmegi meýilleşdirýär

Ýewropada örän işjeň ýagdaýda bolan aýralykçy terror guramasy PKK-nyň hakyky ýüzüni görkezmek isleýän türkler Belgiýanyň paýtagty Brýusselde çadyr gurarlar.

Ýewropa türk demokratlar bileleşiginiň Belgiýa şahamçasynyň başlygy Basir Hamarat penşenbe güni Ýewropa parlamendiniň ýanynda çadyr gurjakdyklaryny mälim etdi.

Guruljak çadyryň üsti bilen PKK-ly terrorçylaryň eden-etdiliklerini adamlara görkezjekdiklerini we düşündirjekdiklerini aýdan Hamarat: “PKK diňe polis işgärlerimizi, esgerlerimizi öldürmeýär. Olar Ankarada guran hüjüminde enäniň garnyndaky çagany hem öldürdiler. Şäherlerde guraýan kamikaze hüjümleri bilen asuda ilaty nyşana aldy, bigünä adamlary gyrdy. Üstesine bulary täzelikde gurap başlamady. Ençeme ýyl bäri rehimsizlik bilen öldürýär. Bularyň ählisini düşündürmegimiz we görkezmegimiz gerek" diýdi.

Çadyrda terror guramasynyň hüjümlerinde şehit bolan esgerler we polis işgärleri bilen birlikde ýogalan asuda ilatyň suratlarynyň hem ýerleşdiriljekdigini bellän Hamarat Belgiýada, Fransiýada we Pakistanda guralan terrorçylykly hüjümlerde ýogalan adamlary hem ýatdan çykarmajakdyklaryny habar berdi.



Degişli Habarlar