Estoniýa Russiýa nota berdi

Başdan geçirlen wakalar sebäpli Russiýanyň Estoniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly baş ilçisi Daşary işler ministrline çagyryldy we nota berildi

Estoniýa Russiýa nota berdi

Estoniýanyň Daşary işler ministrligi rus harby uçarynyň Estoniýanyň howa giňişligini bozandygy sebäpli Russiýa nota berdi.

Estoniýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda, Russiýa degişli An-26 kysymly harby uçaryň Finlandiýa aýlagyndaky Waindioo adasynyň golaýynda Estoniýanyň howa giňşligine girendigi nygtaldy.

Beýanatda halkara howa giňişliginde uçmaly rus harby uçarynyň Estoniýanyň howa giňişliginde 1 minuda golaý galandygy we uçarmanlaryň Estoniýanyň howa güýçlerine hiç hili maglumat bermändigi bellenildi.

Başdan geçirlen wakalar sebäpli Russiýanyň Estoniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly baş ilçisi Daşary işler ministrline çagyryldy we nota berildi.



Degişli Habarlar