ABŞ we Russiýa ylalaşdy

ABŞ-nyň döwlet Sekretary Jon Kerri Prezident Wladimir Putin we kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşdy

ABŞ we Russiýa ylalaşdy


ABŞ we Russiýa Siriýanyň hökümeti bilen oppozisiýanyň arasynda “ýesir çalşygynyň" başlamagy we konstitutsiýanyň täze tekstiniň taslamasynyň awgust aýyna çebli başlamagy barasynda ylalaşdy

Soňky 6 aýyň dowamynda Russiýa üçünji saparyny guran ABŞ-nyň döwlet Sekretary Jon Kerri Prezident Wladimir Putin we kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşdy.

Duşuşyklaryň gün tertibiniň ileri tutulan ugry Siriýada dowam edýän içeri uruş boldy.

Duşuşyklardan soň beýanat beren ABŞ-nyň döwlet Sekretary Kerri Russiýa bilen “Siriýadaky syýasy geçiş etabynyň çäginde edilmeli başlangyç barada pikir alyşandyklaryny, suýasy geçiş etaby üçin degişli taýarlyklaryň we konstitutsiýanyň täze tekstiniň täze taslamasynyň awgust aýyna çenli taýarlanmagy barasynda ylalaşandyklaryny" nygtap, ABŞ-nyň Siriýada parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin Başar Asadyň ýerlikli karar kabul etmegini isleýändigini aýtdy.

Beýleki tarapdan Siriýanyň hökümetiniň wekilleri bilen oppozisiýanyň wekilleriniň arasynda Ženewada geçirilýän aýlawly gepleşikleriň birinji tapgyry tamamlandy.

Gepleşikleriň ikinji tapgyrynyň 9-njy aprelde başlamagyna garaşylýar.

Kerriniň Russiýanyň dowamynda Ukraina meselesi hem gün tertibine geldi.

Jon Kerri Sergeý Lawrow bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda Ukrainadaky dartgynlygyň çözülmegi baradaky Minsk-2 ylalaşygy durmuşa geçirilen halatynda ABŞ-nyň Russiýa goýulan sanksiýalary bes etmäge taýardygyny aýtdy.

Putin bilen Russiýada 22 ýyl azatlykdan mahrum edilen ukrainaly halk deputaty we uçarman Nadežda Sawçenko barada-da pikir alyşandyklaryny nygtan Kerri, Putiniň Sawçenkonyň ykbalynyň kesgitlenen möhletde çözülip bilinjekdigini duýdurandygyny hem mälim etdi.



Degişli Habarlar