Serbiýada kamikaze hüjümi guraldy

Wakada diňe hüjümçi ýogaldy

Serbiýada kamikaze hüjümi guraldy

Serbiýanyň paýtagty Balgratda kamikaze hüjümi guraldy.

Wakada diňe 50 ýaş töwereginde bolan hüjümçi ýogaldy.

Serbiýanyň metbugaty konditer önümlerini satýan ýere giren hüjümçiniň ozal ol ýerdäkilere daşaryk çykmagyny isländigini, soň bolsa üstündäki bombany partladandygyny habar berdi.

Konditer önümlerini satýan ýeriň ýurduň ozalky Medeniýet ministrliginiň Bilim we tehnologiýa muzeýiniň başlygy Bratislaw Petkowiçe degişli bolandygy mälim edildi.

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.



Degişli Habarlar