Obama Putinden Ukrainaly uçarman we halk deputaty Şewçenkonyň boşadylmagyny isledi

Putiniň Obamanyň islegine näme jogap berendigi hakynda maglumat berilmedi.

452438
Obama Putinden Ukrainaly uçarman we halk deputaty Şewçenkonyň boşadylmagyny isledi

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putinden ýurdunda tussaglykda saklanýan Ukrainaly uçarman we halk deputaty Nadežda Şewçenkonyň boşadylmagyny isledi.

ABŞ-da AP gullugyna beýanat beren bir ýolbaşçy Obamanyň Putin bilen duşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini we uçarmanyň boşadylmagy meselesini gün tertibine getirendigini aýtdy.

Putiniň Obamanyň islegine näme jogap berendigi hakynda bolsa maglumat berilmedi.

Russiýanyň Siriýadaky esgerleriniň esasy bölegini yzyna çekmegi baradaky kararyndan soň Obama bilen Putin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi we Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlyk hakynda pikir alyşdy.

Ukrainanyň gündogarynda Russiýanyň tarapdarlaryna garşy guralan operasiýa meýletin ýagdaýda gatnaşan Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň ýeke-täk zenan uçarmany Şewçenko 2014-nji ýylyň iýun aýynyň 18-19-y aralygynda zamun alnypdy.



Degişli Habarlar