ABŞ ÝPG-niň oppozisionerleri nyşana alandygyny habar berdi

ABŞ terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan ÝPG-niň siriýaly oppozisonerleri nyşana alýandygyny mälim etdi

447156
ABŞ ÝPG-niň oppozisionerleri nyşana alandygyny habar berdi

ABŞ-nyň Merkezi güýçleriniň Serkerdesi Lloýd Ostin Senatyň ýaragly hyzmatlar komitedine maglumat beren wagty: “ÝPG-niň Amerika tarapyndan goldanýan siriýaly oppozisionerlere nyşana alandygy barada deliller bar" diýdi.

ÝPG bilen ruslaryň hyzmatdaşlyk edýändigini aýdan Ostin: “Ýurduň demirgazyk-günbatarynda ÝPG bilen ruslaryň wagtal-wagtal hyzmatdaşlyk edýändigini gördük" diýdi.

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Piter Kuk hem geçiren metbugat ýygnagynda Ostiniň Siriýada ÝPG bilen ruslaryň hyzmatdaşlyk edändikleri barada beren beýanaty bilen baglanşykly berilen soraga: “Ruslar bilen hyzmatdaşlyk edýän bolsa, terror guramasy DAEŞ bilen göreşýän güýçlere zeper ýetirýän bolsa bular aladalandyrýan hereketler" diýip jogap berdi.

Kuk şeýle hem Siriýada gurama garşy göreş alyp barýan güýçleri goldamaklaryny dowam etdirjekdiklerini belledi.ABŞ ÝPG-niň oppozisionerleri nyşana alandygyny belledi



Etiketkalar: #ABŞ , #Pentagon , #serkerde , #komitet , #ÝPG

Degişli Habarlar