Ýemende garrylar öýi nyşana alyndy

Hüjümde 16 adam ýogaldy

444634
Ýemende garrylar öýi nyşana alyndy

Ýemeniň günortasyndaky Aden şäherinde garrylar öýüniň nyşana alynyp guralan hüjümde 16 adam ýogaldy.

Şäheriň demirgazygyndaky Şehit Abdulkawi etrapçasynda ýerleşýän garrylar öýüne şahsyýetleri näbelli bolan ýaragly adamlar tarapyndan ýaragly hüjüm guraldy.

Hüjümde 11-i garry, 4-si hindistanly bolan şepagat uýalary, 1-i garrylar öýüniň işgäri bolan 16 adam ýogaldy.

Wakada ýaralanan köp adam bejergi astyna alyndy.



Degişli Habarlar