Hytaý Milli halk gurultaýy Pekinde geçirilýär

Ýylda 1 gezek geçirilýän gurultaý Tiananmen meýdançasyndaky resmi dabara bilen başlady

444933
Hytaý Milli halk gurultaýy Pekinde geçirilýär

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň we Hytaýyň Premýer ministri Li Kesýanyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilýän gurultaýa ýurduň ýokary wezipeli adamlar, ähli sebitlere we etniki toparlara wekilçilik edýän 3 müňe golaý adam gatnaşýar.

Hytaýyň Premýer ministri Li Kesýanyň ýurduň ykdysadyýetiniň 2016-njy ýylda 6,5-7 göterim ösmegine garaşylýandygyny mälim etdi.

Hytaýyň ykdysadyýeti geçen 2015-nji ýylda 6,9 göterim ösüpdi.

Ösüşi peselýän dünýäniň iň uly 2-nji ykdysadyýetine eýe bolan Hytaý özüniň goranyş pudagyndaky çykdajylaryny azaltmak barada karar kabul etdi.

Hytaý şu ýyl goranyş býujetini diňe 7-8 göterim derejesinde artdyrar.

Şeýlelik bilen Hytaý 2010-njy ýyldan bäri goranyş býujetini ilkinji gezek bu derejede az artdyrýar.

Hytaýyň hökümeti 2015-nji ýylda goranyş pudagyndaky býujetini 2014-nji ýyla garanyňda 10,1 göterim derejesinde artdyryp 136 milliard dollara ýetiripdi.

Hytaý goranyş ulgamyndaky harajatlar boýunça dünýäde ABŞ-dan soň 2-nji orunda durýar.



Degişli Habarlar