Genosit dersine garşy kampaniýa..

ABŞ-da 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalaryň “genosit" hökmünde okadylmagyna garşy gol ýygnama kampaniýasy başladyldy

442323
Genosit dersine garşy kampaniýa..


ABŞ-nyň Mişigen ştatyndaky mekdeplerde 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalaryň “genosit" hökmünde okadylmagyna garşy gol ýygnama kampaniýasy başladyldy.

Mişigen ştatynyň Wekiller mejlisinde kabul edilen taslama bilen ştatyň çägindäki mekdeplerde “Holokost we gyrgynçylyklar" dersiniň okuw meýilnamasyna alynmagy hakynda karar kabul edilipdi.

Ştatyň Bilim komiteti şu gün Wekiller mejlisiniň kararyny ara alyp maslahatlaşar.

Bilim komiteti karary durmuşa geçiren halatynda 8-nji, 9-njy, 10-njy, 11-nji we 12-nji synplarda “Holokost we gyrgynçylyklar" dersi okadylar.

Okuw meýilnamasynda toslama ermeni gyrgynçylygy garaýyşlarynyň, ýehudy gyrgynçylygy bilen deň görülýändigi üçin Türk Amerikan jemgyýeti okuw meýilnamasyna garşy kampaniýa başlatdy.

Gol ýygnama kampaniýasynda Wekiller mejlisine karary ret etmekleri üçin çagyryş berilýär.



Degişli Habarlar