ABŞ DEAŞ-a garşy kiber söweş başlatdy

DEAŞ-a garşy göreşde ýetilen sepgit hakynda metbugata beýanat berdiler

442053
ABŞ DEAŞ-a garşy kiber söweş başlatdy

ABŞ terror guramasy DEAŞ-a garşy kiber söweş başlatdy.

ABŞ-nyň Goranmak ministri Eştyn Karter DEAŞ-a garşy başladylan kiber söweşiň guramanyň aragatnaşyk ulgamyna ýaramaz täsirini ýetirjekdigini aýtdy.

Eştyn Karter bilen Baş ştabyň başlygy general Žozef Dunford Pentagonda DEAŞ-a garşy göreşde ýetilen sepgit hakynda metbugata beýanat berdi.

Karter DEAŞ-a garşy göreşde harby operasiýalar bilen birlikde kiber söweşiň hem diýseň möhümdigine ünsi çekdi.

Karter kiber strategiýa netijeli bolan halatynda DEAŞ-iň döwrebap tehnalogiýalary ulanyp bilmejekdigini we munyň hem guramanyň täsirini azaldyp biljekdigini nygtady.

General Dunford hem kiber söweş taktikasynyň DEAŞ-a ýaramaz täsirini ýetirjekdigini aýtdy.



Degişli Habarlar