ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy

Wakada 3 adam ýogaldy

439664
ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy

Amerikanyň Kanzas ştatynda kärdeşlerine od açan hüjümçi 3 adamy öldürdi.

Hesston şäherinde otlary gyrkýan enjamlary öndürýän zawotda işleýän hüjümçi şeýle hem 14 adamy ýaralady.

Hüjümçi polisiýa gullugynyň işgärleri bilen bolan çaknyşykda öldürildi.

Wakanyň terror bilen arabaglanşygynyň ýokdygy çak edilýär.

Käbir ýerli çeşmeler hüjümi 38 ýaşly Sedrik Ford atly erkek adam tarapyndan guralandygyny we onuň birnäçe wagt öň işinden kowulandygyny öňe sürdiler.

Geçen hepde hem Çikagoda bolan ýaragly hüjümde 6 adam ýogalypdy, 2 adam ýaralanypdy.



Degişli Habarlar