ABŞ: “Ebola wirusy uzak möhletli hassalyklara sebäp bolýar”

ABŞ-nyň Milli saglygy saklaýyş institutlary ebola wirusynyň uzak möhletli hassalyklara sebäp bolýandygyny habar berdi

439237
ABŞ: “Ebola wirusy uzak möhletli hassalyklara sebäp bolýar”

“BBC-niň" habarlar bermegine görä Liberiýada geçirilen barlaglar ebola hassalarynyň hassahanadan çykarylandan soň geçen alty aýyň dowamynda ysgynsyzlyk, ýadyny ýitirmek we depressiýa ýaly ýarawsyzlyklaryň görülendigini ýüze çykardy.

Newrologiýa Akademiýasynyň ýyllyk maslahatynda beýan edilen netijeler ebola sebäpli bejergi alan hassalaryň käbirlerinde “aktiw janyna kast etme" meýilleriniň ýa-da hyýal görmeleriň ýüze çykandygyny görkezýär.

Ebola epidemiýasynyň Sierra Leonda 7-nji dekabrda, Gwineýada 29-njy dekabrda dolulygyna ortadan aýrylandygyny habar beren Bütindünýä Saglygy Saklaýyş Guramasy 14-nji ýanwarda epidemiýanyň dowam edýän ýeke-täk ýurdy bolan Liberiýada ebola wirusyndan gutulmagyň in ýokary çäginiň iki essesi bolan 42 günlük möhletiň geçilendigini habar beripdi.

Gwineýanyň günortasynda 2013-nji ýylyň dekabr aýynda başlan epidemiýa mundan ozal Liberiýa we Sierra Leona geçip, ýene-de 7 ýurtda ebola hassalygyna gabat gelinipdi.

Epidemiýa sebäpli 11,316 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar