ABŞ we Russiýa Siriýa babatynda ylalaşdylar

Parahatçylyk ylalaşygy 27-nji fewraldan başlap güýje girer

437556
ABŞ we Russiýa Siriýa babatynda ylalaşdylar

Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Russiýa beren umumy beýanatlarynda Siriýada parahatçylyk babatynda ylalaşandyklaryny mälim etdiler.

Parahatçylyk ylalaşygy 27-nji fewraldan başlap güýje girer.

Ylalaşygyň çägine terror guramasy DAEŞ, Al Nusra we BMG tarapyndan kabul edilen beýleki terror guramalaryna garşy guralýan hüjümler girmez.

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama we Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniň özara telefon söhbetdeşliklerinde ýola goýuljak parahatçylyk barada maslahatlaşdylar.

Ak Tam Obamanyň esasy maksadynyň Siriýanyň halkynyň göz-ýaşlarynyň dökülmeginiň bes edilmegi, BMG-nyň ýolbaçylygyndaky syýasy etabyň durmuşa geçirilmäge başlanmagy we DAEŞ-iň ýeňlişe sezewar bolmagy üçin ähli taraplaryň bu ylalaşyga goldaw bermekdigini belledi.

ABŞ-nyň we Russiýanyň Siriýada çaknyşyklaryň bes edilmegi bilen baglanşykly berilen beýanat BMG-sy tarapyndan hoşallyk bilen kabul edildi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Stefan Dužarriç parahatçylyk ylalaşygyny “Siriýanyň halkynyň ençeme wagt bäri garaşan umyt yşygy" hökmünde häsýetlendirdi.

Beýleki tarapdan bolsa BMG-nyň Derňew komissiýasy Siriýa baradaky hasabatyny beýan etdi.

Hasabatda Siriýa barada “Ýumrulmagyň bosagasynda" termini ulanylan bolsa, sebitde terror guramasy DAEŞ-iň we Asadyň adamzat jenaýatlaryny etmeklerini dowam etdirýändiklerine üns çekilýär.

Hasabatda bundan başgada bütin dünýä Siriýada söweş alyp barýan toparlara ýarag ugratmaklaryny bes etmeklerine çagyrylýar.

Siriýanyň döwlet ýolbaşçysy Başar Asad umumy saýlawlaryň 13-nji aprelde geçiriljekdigni beýan etdi.

Siriýada saýlawlar soňky gezek 2012-nji ýylda geçirilipdi.



Degişli Habarlar