ABŞ we Russiýa Siriýa barada pikir alyşdy

ABŞ we Russiýa Siriýada hüjümleriň bes edilmegi üçin iki ýurduň arasynda harby sazlaşygyň ýola goýulmagy barada ylalaşdy

ABŞ we Russiýa Siriýa barada pikir alyşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary JonKerri we Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow telefon arkaly söhbetdeşlikde Siriýada parahatçylygyň ýola goýulmagy barada pikir alyşdy.

Iki ýurduň Daşary işler ministrleri Siriýada parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin ABŞ-nyň we Russiýanyň arasynda harby sazlaşygyň bolmagy barada pikire geldiler.

Beýleki tarapdan bolsa parahatçylygyň haýsy şertler bilen ýola goýuljakdygy barada beýan edilmedi.

Telefon söhbetdeşliginde Jon Kerri Rusiýanyň Siriýada guraýan howa hüjümleri barada alada bildirýändiklerini belledi.

Kerri iň gysga möhletde taraplaryň arasynda parahatçylygyň ýola goýuljakdygyna ynanýandygyny nygtady.



Degişli Habarlar