Owganystanda kamikaze hüjümi guraldy

Hüjümiň jogapkärçiligini Taliban öz üstüne aldy

Owganystanda kamikaze hüjümi guraldy

Owganystanyň paýtagty Kabulda harby ulaga guralan kamikaze hüjüminde 3 adam ýogaldy, 18 adam ýaralandy.

Paýtagt Kabulda guralan hüjümiň jogapkärçiligini Taliban öz üstüne aldy.

Şaýatlar kamikaze hüjümçisiniň harby ulagyň golaýlaşyp gelýän wagty üstündäki bombany partladandygyny habar berdiler.

Ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.



Degişli Habarlar