Bagdatda bombaly hüjüm guraldy

Hüjümde 7 adam ýogaldy

428743
Bagdatda bombaly hüjüm guraldy

Yragyň paýtagty Bagdatda guralan bombaly hüjümde 1-i polisiýa işgäri bolan 7 adam ýogaldy, 26 adam ýaralandy.

Bagdadyň Ed-Dewre etrapçasynda we Fyrat mähellesinde ýola goýulan bombanyň partlamagy netijesinde 6 adam ýogaldy, 22 adam ýaralandy.
Ed-Dewre etrapçasynda şeýle hem polisiýa ulagynyň geçýän wagty ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde 1 polisiýa işgäri ýogaldy, 4-si ýaralandy.

Beýleki tarapdan bolsa Yragyň howpsyzlyk güýji DAEŞ-iň gözegçiligi astynda bolan Ramadi sebitinden aglabasy çaga we zenan bolan 250 adamy halas etdiler.

Ramadiniň golaýynda yrakly esgerler bilen terror guramasy DAEŞ-e agza terrorçylaryň arasynda çaknyşyk bolýar.

Yragyň Ýaragly güýçleriniň Ramadiniň gündogaryndaky sebitleriň biriniň gözegçiligini ele geçirmeginden soň çaknyşyklar has hem güýçlendi.

Yrakly esgerleriň howadan uçarlaryň goldaw bermeginde DAEŞ-iň gözegçiligi astyndaky ýerleri basyp almagyny dowam etdirýär.



Degişli Habarlar