Malide ýaragly adamlar myhmanhana hüjüm gurady

Hüjüm guralan wagty myhmanhanada näçe adamyň bolandygy barada entek maglumat berilmedi

427720
Malide ýaragly adamlar myhmanhana hüjüm gurady

Malide ýaragly adamlar BMG-nyň Durnuklylyk missiýasyna degişli esgerleriň galýan La Palmeraie myhmanhanasyna hüjüm guradylar.

Ýerli ýolbaşçylar ýaragly adamlaryň ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Timbuktu şaherinde MINUSMA degişli nigeriýaly esgerleriň galýan myhmanhana hüjüm gurandyklaryny mälim etdiler.

Hüjüm guralan wagty myhmanhanada näçe adamyň bolandygy barada entek maglumat berilmedi.

Beýleki tarapdan bolsa harby ýolbaşçylar myhmanhana hüjüm guralmadan ozal MINUSMA-nyň Timbuktu şäherindäki harby bazasyna hüjüm guran 10-a golaý ýaragly adamlar bilen esgerleriň arasynda ýüze çykan çaknyşygyň entegem dowam edýändigini we ilkinji kesgitlemelere görä 1 adamyň ýogalandygyny, 2 adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.



Degişli Habarlar