Fransiýa Siriýada DAEŞ-e degişli tälim merkezini ýok etdi

Fransiýanyň harby uçarlarynyň Siriýada alyp barýan howa operasiýasynda terror guramasy DAEŞ-e degişli tälim merkezini ýok etdi

427320
Fransiýa Siriýada DAEŞ-e degişli tälim merkezini ýok etdi

Fransiýanyň Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda Siriýada hyzmtdaş güýçleri bilen bilelikde alynyp barylýan operasiýada DAEŞ-iň şol bir wagtda ýarag ammary hökmünde ulanýan tälim merkeziniň ýok edilendigi mälim edildi.

Beýanatda Halapyň 60 km demirgazyk-gündogaryndaky Münbiç şäherinde geçirilen howa operasiýasynda fransuz Rafael görnüşli harby uçarlaryndan atylan Skalp roketalarynyň ulanylandygy habar berildi.

Ozal diňe Yrakdaky howa operasiýalaryna gatnaşan Fransiýa Pariždaky terrorçylykly hüjümlerden soň Siriýadaky DAEŞ-e degişli ýerlere hem hüjüm guramaga başlady.


Etiketkalar: #Fransiýa , #DAEŞ , #ammar , #ýarag , #roketa

Degişli Habarlar