NATO we ABŞ Russiýa reaksiýa bildirdi

Russiýa degişli harby uçaryň anna güni Türkiýäniň howa giňişligini bozmagy sebäpli NATO we ABŞ Russiýa reaksiýa bildirdi

426018
NATO we ABŞ Russiýa reaksiýa bildirdi
NATO-nyň Baş sekretary Jens Stoltenberg Russiýa jogapkärçilikli hereket etmäge we NATO-nyň howa giňişigine hormat goýmaga çagyrdy.
Stoltenberg beren ýazmaça beýanatynda türk resmileriň elmydama duýduryş bermegine garamazdan Russiýanyň harby uçarlarynyň Türkiýäniň howa giňişligini bozýandygyny nygtady.
Beýanatda: “Russiýany jogapkärçilikli hereket etmäge we NATO-nyň howa giňişigine hormat goýmaga çagyrýaryn. Russiýa bular ýaly düzgün bozmalaryň gaýtalanmazlygy üçin gerek bolan ähli çäreleri görmelidir” diýilýär.
ABŞ-nyň Goranmak ministrligi hem Russiýanyň harby uçarynyň howa giňişligini bozandygyny tassyklap: “Russiýa sebitdäki dartgynlygy artdyrjak ähli hereketlerini bes etmelidir” diýdi.
Pentagonyň Metbugat geňeşçisi Mark Wraýt: “ABŞ NATO bilen bilelikde Türkiýä goldaw bermegini dowam etdirjekdir. Russiýa Türkiýäniň howa giňişligine hormat goýsyn” diýdi.
Wraýt bundan başgada dartgynlygyň azalmagy üçin iki ýurduň biri-biri bilen gepleşikler geçirmeginiň wajypdygyny belledi.
Beýleki tarapdan Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda rus harby uçarynyň Türkiýäniň howa giňişligini bozmadygyny öňe sürdi.


Degişli Habarlar