Germaniýada türk talyp öldürildi

Derňew işi dowam edýär

426016
Germaniýada türk talyp öldürildi

Germaniýanyň Köln şäherinde okaýan Türkiýäniň raýaty 20 ýaşyndaky Gizem Peker nemes kursdaşynyň pyçaklamagy netijesinde ýogaldy

Waka anna güni sagat 21:30 töweregi Kölniň Ostheim etrapçasynda Pekeriň öýüniň golaýyndaky otly duralgasyna barýan ýolda boldy.

Şol uniwersitetde okaýan nemes kursadşy wakadan soň şäheriň Kalk etrapçasyndaky polisiýa merkezine baryp boýun egdi.

Köln şäheriniň polisiýa gullugy wakada barada entek beýanat bermedi, diňe derňew işiniň dowam edýändigini habar berdiler.



Degişli Habarlar