ABŞ-da we Kanadada zika wirusyna gabat gelindi…

ABŞ-da we Kanadada sary çybynlardan geçýän we ene-ata ýokaşan halatynda bäbekleriň beýnisine zeper ýetirýän zika wirusyna gabat gelindi

425908
ABŞ-da we Kanadada zika wirusyna gabat gelindi…

ABŞ-nyň Hassalyklara gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň müdiriniň orunbasary En Sçuçat 11 ştatda 31 adamda zika wirusyna gabat gelinendigini mälim etdi.
Sçuçat wirusa gabat gelinen amerikalylaryň ählisinin Karaiplere we Latyn Amerika syýahat edendiklerini nygtap, wirusyň şol sebitlerden ýokaşanlygynyň çaklanylýandygyny aýtdy.
En Sçuçat ABŞ-na degişli Porto Rikoda 19 we Karaiplerdäki Wirginiýa adalarynda-da köp sanly adamda-da zika wirusynyň barlygynyň anyklanandygyny mälim etdi.
Kanadanyň Federal Saglygy saklaýyş ministri Žan Filpott Ottawada beren beýanatynda Kolumbiýa we Al Salwadora syýahat eden Kanadalylardan ikisinin Britiş Kolumbiýa, birinin bolsa Alberta ştabynda karantina alynandygyny aýtdy.
Filipott şolardan birinin hamyladygyny nygtady.
Saglygy saklaýyş ministri Jan Filpott sary çybynlar arkaly ýaýraýan zika wirusynyň howa şertleri sebäpli Kanada we Çilä ýaýramagynyň çaklanylmaýandygyny nygtap, halkyň saglygyna howo salýan şertleriň bolmandygyny aýtdy.



Degişli Habarlar