Terror guramasy DAEŞ Siriýany gana bulady

Hüjümlerde 26 adam ýogaldy, 120 adam ýaralandy

407149
Terror guramasy DAEŞ Siriýany gana bulady

Haseke şäherine bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümlerde 26 adam ýogaldy, 120 adam ýaralandy.
Russiýa degişli harby uçarlaryň Halap şäherinde oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky ýerlere guran hüjüminde bolsa 5 adam ýogaldy, 12 adam ýaralandy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi 30-njy sentýabrda Siriýada terror guramasy DAEŞ-e garşy howa hüjümini başladandyklaryny habar beripdi.
Emma rus harby uçarlary DAEŞ-i däl eýsem Homus, Hama, Idlib we Halap şäherlerinde sowatly oppozisionerlere degişli karargähleri we harby tälim merkezleri bilen asuda ilaty nyşana alýar.
Rus harby uçarlary Asada tabynlykdaky güýçleriň guraýan howa hüjümlerine hem goldaw berýär.
Homus şäheriniň merkezinde oppozisionerleriň elindäki soňky etrapçanyň gözegçiligini ele geçiren Asada tabynlykdaky güýçler Halap şäheriniň merkezinde hem oppozisionerlere garşy hüjüme başlady.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar