ABŞ Eýranyň roketa synagyny geçirendigini öňe sürýär

Kirbý öňe sürülýän garaýyşlar tassyklanan halatynda degişli çäreleriň görüljekdigini nygtady

404539
ABŞ Eýranyň roketa synagyny geçirendigini öňe sürýär

ABŞ Eýranyň BMG-nyň kararyny basgylandygyny we roketa synagyny geçirendigini öňe sürýär.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Jon Kirbý Eýranyň geçen aý balistiki roketa synagyny geçirendigi hakynda öňe sürülýän garaýyşlaryň barlanýandygyny aýtdy.
Garaýyşlaryň giňişleýin barlanýandygyny aýdan Kirbý öňe sürülýän garaýyşlar tassyklanan halatynda degişli çäreleriň görüljekdigini nygtady.
Mesele ABŞ-nyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Samanta Power tarapyndan hem gün tertibine getirildi.
Eýranyň roketa synagyny geçirendigi hakynda käbir garaýyşlaryň öňe sürülýändigini aýdan Power, garaýyşlar tassyklanan halatynda BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň waka berk çäre görmegi üçin tagala etjekdiklerini nygtady.
Eýranyň hökümeti bolsa roketa synagyny geçirmegiň BMG-nyň kararlaryna ters gelmeýändigini nygtaýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar