Russiýa Hazar deňizinde harby türgenleşik geçirýär

Türgenleşige Hazardaky rus flodyna degişli 50-den gowrak gämi gatnaşýar

403079
Russiýa Hazar deňizinde harby türgenleşik geçirýär


Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berlen beýanatda harby türgenleşige Hazardaky rus flodyna degişli 50-den gowrak gäminiň gatnaşýandygy nygtaldy.
Türgenleşige Russiýanyň deňiz güýçlerine degişli “Tataristan”, “Dagistan” roketa gämileri bilen kiçi göwrümli roketalara we toplara eýe “Grad Swiýažsk”, “Ugliç”, “Wolgodonsk”, “Mahaçkale” we “Astrahan” gämileri gatnaşýar.
Harby türgenleşikde söweş taýarlyklary, duşmanyň gämilerine guraljak hüjüm we goranyş taktikalary synagdan geçirilýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar