"Syýasatçylar öz jogapkärçiliklerine doly göz ýetirmeli"

Mihail Gorbaçow türk howa giňişligini bozan rus harby uçarynyň urlup düşürilmeginden hakynda garaýyş beýan etdi

398782
"Syýasatçylar öz jogapkärçiliklerine doly göz ýetirmeli"

Ozalky Sowet soýuzynyň liderlerinden Mihail Gorbaçow türk howa giňişligini bozan rus harby uçarynyň urlup düşürilmeginden soň başdan geçirilýän wakar hakynda garaýyş beýan etdi.
Rus harby uçarynyň urlup düşürilmeginden soň iki tarapyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň wakanyň seljerilmegi üçin özara duşuşyk geçirmeklerine garaşýandygyny aýdan Gorbaçow “Gynansakda şeýle waka başdan geçirildi. Gatnaşyklarda soňky birnäçe ýylda uly öňe gidişlik edildi. Beniň ýolbaşçylyk eden döwrümde hem gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin uly işler durmuşa geçirildi. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ýurtlarymyzyň ösüşine uly goşant goşýar” diýdi.
Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň bozulmagynyň diňe iki ýurda däl eýsem ÝB-ne agza ýurtlara hem ýaramaz täsirini ýetirjekdigini aýdan Gorbaçow, dartgynlygyň Ýakyn Gündogar ýurtlaryna bolan ynama azaltjakdygyny ýatlatdy.
“Syýasatçylar şol gatnaşyklarda öz jogapkärçiliklerine we rollaryna doly göz ýetirmeli” diýen Gorbaçow, taraplara egilşik etmeklerini we gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin dörän pursatlardan ýerli peýdalanmaklaryny maslahat berdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar