ABŞ Russiýanyň garaýyşlaryna goşulmaýar

Russiýanyň Türkiýäniň DAEŞ-den nebit alýandygy baradaky jedelleri ABŞ tarapyndan hem tassyklanmady

398617
ABŞ Russiýanyň garaýyşlaryna goşulmaýar

Ak Tam ruslaryň aladasyny ironiki häsýetlendiren bolsa, Daşary işler ministrligi Russiýanyň jedelleriniň nädogrydygyny beýan etdi.
Siriýanyň hökümetinin DAEŞ-iň öndürýän nebitiniň esasy alyjysydygyny görkezýän köp sanly delilin bardygyny beýan eden Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Jaş Ernest Russiýanyň şol meseläni Siriýanyň hökümeti bilen seljermelidigini aýtdy.
Jaş Ernest hökümetiň diňe Russiýanyň goldawy bilen iş başynda galmaga dowam edýändigini öňe sürdi.
Geňeşçi Prezident R.T.Erdoganyň we Prezident Barak Obamanyň BMG-niň Pariždäki Howa çalşygy maslahatynda Türkiýäniň serhet howpsyzlygy meselesinde pikir alyşandyklaryny nygtady.
Ernest şol serhediň bir böleginiň hem Türkiýäniň milli howpsyzlygy taýdan hem-de daşary ýurtly söweşijileriň geçişinin öňüniň alynmagy üçin ýapylandygyny aýtdy.
Ernest serhediň ýapylmagynyň DAEŞ-iň bikanun maliýe çeşmelerinin öňüniň alynmagyny üpjün etjekdigine ünsi çekdi.
Mesele bilen bagly habarlar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny aýdan Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mark Tonyr bolsa : “Biz türk hökümetiniň nebit almak üçin DAEŞ bilen hyzmatdaşlyk edýändigi baradaky jedelleri çürt-kesik ret edýäris” diýdi.
Tonyr şol aýyplamany goldaýan hiç hili subutnama görýändiklerini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar