Siriýanyň halky suw ýetmezçiligini başdan geçirýär

Suw arassalaýyş desgasynyň hatardan çykmagy sebäpli 3,5 million siriýalynyň suwy kesildi

397718
Siriýanyň halky suw ýetmezçiligini başdan geçirýär

Hüjümler sebäpli siriýanyň halky suw ýetmezçiligini başdan geçirýär.
Siriýanyň Halap şäherinde suw arassalaýyş desgasynyň geçen hepde guralan howa hüjüminde hatardan çykmagy sebäpli 3,5 million siriýalynyň suwy kesildi.
BMG-nyň Çagalara ýardam düzümi UNICEF-iň Siriýa boýunça wekili Hanna Ginger mesele barasynda beren beýanatynda söweşiň hem käbir kadalarynyň bardygyny emma Siriýada halkyň gündelik durmuşy taýdan esasy rol oýnaýan infstrukturanyň nyşana alynýandygyny aýtdy.
Singer Al Khafsen suw arassalaýyş desgasynyň kim tarapyndan bombalanandygynyň bilinmeýändigini, günde halky ortaça18 million litr suw bilen üpjün edýän desganyň hatardan çykandygyny we 3,5 million siriýalynyň suwsyz galandygyny belledi.
Singer desganyň bir böleginiň abatlanandygyny emma henizem 1,4 million adamyň suw ýetmezçiligini başdan geçirýändigini ýatlatdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar