Siriýa dartgynly bolmagynda galýar

Russiýa we Başar Asada degişli güýçler Siriýadaky howa hüjümlerinde asuda ilaty bombalamaga dowam edýär

394920
Siriýa dartgynly bolmagynda galýar

Rus harby uçarlarynyň İdlib welaýatynda oppozisionerleriň gözegçiligindäki Eriha etrabynyň bazaryna we ilatly ýerlerine hüjüm guramagy netijesinde zenanlar we çagalar bilen birlkde 40 adam ýogaldy, 70 adam ýaralandy.
Hüjümiň guralan ýerlerinde uly ýitginiň çekilendigini beýan eden ýolbaşçylar, ýykylan öýleriň we iş ýerleriniň bardygyny, adam pidalarynyň sanynyň artmagyna alada bildirilýändigini habar berdiler.
Etrapda terror guramasy DAEŞ-iň gözegçiliginde haýsydyr bir ýer ýok.
Terror guramasy DAEŞ-e garşo alynyp barylýan göreşiň çäginde Siriýa gelen rus harby goşunyna degişli harby uçarlar Homs, Hama, Halap we İdlib şäherlerinde oppozisiýanyň gözegçiligindäki ilatly ýerlere hüjüm edýär.
Paýtagt Damaskda bolsa oppozisiýanyň gözegçiligindäki Kabun etrapçasynda hökümete degişli güýçleriň guran hüjüminde esasy bölegi asuda ilatdan 27 adam ýaralandy.
Russiýanyň howa hüjümlerinde birnäçe gün mundan ozal zenanlar we çagalar bilen birlikde asuda ilatdan köp sanly adam ýogalypdy.

Hökümete degişli güýçleriň türkmenlere guraýan hüjümleri hem 11 günden bäri yzgiderli dowam edýär.

Çaknyşyklar Latakiýe şäheriniň demirgazygyndaky Baýyr-Bujak etrabynda güýçlenýär.
Strategik ähmiýete eýe Gyzyldag we Türkmen dagy nokatlaryna bombaly hüjümler dowam edýär.
Tokaýlyk meýdanda dowam edýän çaknyşyklaryň sesi Hataý welaýatynyň Ýaýladagy etrabyndan hem eşidilýär.
Hüjümlerde türkmen oppozisionerleriň ýerleşýän ýerleri we obalar nyşana alynýar.
Hökümete degişli güýçler giç ara Baýyr etrabynyň üç obasyna hüjüm etdiler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar