Dünýä rus uçarynyň türk howa giňişligine girendigini tassyklaýar

Moskwanyň iňkär edýändigine garamazdan rus uçarynyň türk howa giňişligine girendigi dürli ýurtlar tarapyndan tassyklandy

393962
Dünýä rus uçarynyň türk howa giňişligine girendigini tassyklaýar

Rus harby uçarynyň türk howa giňişligine girendigi dürli ýurtlar tarapyndan tassyklandy.
Resmi Moskwanyň iňkär edýändigine garamazdan sişenbe güni rus harby uçarynyň türk howa giňişligine girendigi dürli ýurtlar tarapyndan tassyklandy.
Germaniýanyň ýaragly güýçlerine hödürlenen Bundeswehr atly gizlin habarnamada urlup düşürlen Su-24 kysymly rus harby uçarynyň 17 sekunt türk howa ginlişigine girendigi hakynda maglumat berildi.
“Bild” gazetinde berlen habarnama görä “Wakanyň başdan geçirlen güni rus uçarlary Türkiýe serhediniň 10-15 kilometr golaýynda uçdular, soň türk howa giňişliginiň 2-4 kilometrine çenli gelen uçarlar 17 sekunt türk howa giňişligine girdi”.
Habarnamada “Türk-F16 kysymly uçarlar rus uçaryna resmi taýdan duýduryş berdi. Bu waka Amerikaly töwerekler tarapyndan hem tassyklandy” diýildi.
Gazetiň habarynda uçaryň türk serhedini bozandygy barada Germaniýaly ýolbaşçylaryň elindäki belliklere hem ýer berildi.
Ady agzalýan habarnamada mundan başgada rus uçarynyň Siriýanyň hökümetine garşy göreşýän oppozision güýçlere garşy hüjüm guraýandygynyň çak edilýändigi emma Asada tabynlykdaky güýçlere garşy göreşýän şol toparlaryň DAEŞ bilen hiç hili arabaglanşygynyň ýokdygy nygtaldy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar