Hytaý Siriýa operasiýa başlarmy?

Russiýadan soň Hytaýyň hem Siriýada urşa gatnaşjakdygy baradaky habarlar ýaýramaga başlady

Hytaý Siriýa operasiýa başlarmy?

İçerki uruşda gyrgynçylyk edýän Başar Asada garşy BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň kararlaryny dört gezek weto edip, Russiýanyň we Hytaýyň Siriýada bilelikde hereket etjekdikleri öňe sürülýär.
Britaniýanyň “Deýli Ekspress” gazeti siriýaly harby ýolbaşçylardan birine esaslandyryp we soňky bir hepdede Ýakyn Gündogardan gelen habarnamalara salgylanyp, Hytaýyň golaýda DAEŞ-e garşy göreşe gatnaşmagy meýilleşdirýändigini ýazdy.
Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Ýi Siriýa meselesi boýunça Nýu-Ýorkda, BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşinde geçirilen maslahatda sözlän sözünde: “Dünýä elini gowşuryp oturmaly däl. Emma çem gelen ýere-de çäre görülmeli däl” diýipdi.
Wang, “radikal” ideologiýalara garşy alynyp barylýan göreşde halkyň jebis hereket etmelidigini nygtapdy.
Hytaýyň Daşary işler ministri bilen geçen hepde duşuşan Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem beren beýanatynda: “İki ýurduň köp sanly ýerli we halkara meselelerde birmeňzeş pozisiýa eýeleýändigini” aýdypdy.
BMG-niň maslahatlaryndaky harby çeşmelere esaslandyrylýan habarnamalarda Hytaýyň harby gämileriniň Suweýş kanalyndan Siriýa tarap ýola düşendigi nygtalýar.
Rus metbugaty Russiýa Federasiýasynyň Halkara gatnaşyklar komitetiniň agzasy İgor Morozowyň Hytaýyň uçar gämisi “Lianoning” bilen elektron roketa kreýseriniň ýola düşendigini, hytaýly harby hünärmenleriň bolsa birnäçe wagtdan bäri sebitdedigini aýdandygyny ýazdy.
Bu habarlar entek resmi Pekin tarapyndan tassyklanmady.
Siriýadaky uruş Hytaýyň ol ýerde iş alyp barýan firmalaryna hem howp abandyryp, Hytaýyň Milli nebit guramasy Siriýadan çekilmeli bolupdy.
Beýleki tarapdan Yrakda nebit känleri bolan Hytaýyň şol ýerler DAEŞ-iň gözegçiligine geçen halatynda agyr zarba urulma ähtimallygy bar.
Russiýanyň Hytaý Halk Respublikasyna 24 sany Su-35 uçaryny satjakdygy hem habar berildi.
Rus metbugatynda berilen habarlarda Hytaýyň her bir uçar üçin 85 million dollar tölejekdigi öňe sürüldi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar