ABŞ Siriýada oppozisionerlere ýarag kömegini berdi

Ýarag kömegi Siriýaly arap koalisiýa güýçlerine bu gezek gury ýerden berildi

366462
ABŞ Siriýada oppozisionerlere ýarag kömegini berdi

ABŞ Siriýada terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşýän oppozisionerlere ýarag kömegini berdi.
Roýter habarlar gullugynyň Amerikaly ýolbaşça esaslanýan habaryna görä, ýarag kömegi Siriýaly arap koalisiýa güýçlerine bu gezek gury ýerden berildi.
10-12 topardan ybarat Siriýaly arap koalisiýasynyň hatarynda 5 müň adamyň söweşýändigi öňe sürülýär.
ABŞ geçen hepdelerde hem Siriýaly oppozisionerlere howadan ýarag kömegini beripdi emma ÝPG 50 tonnalyk ýaragyň ellerine geçendigini mälim etdi.
Resmi Waşington bolsa ÝPG ýarag kömeginiň berilmejekdigini habar beripdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar