Ýemende metjide bombaly hüjüm guraldy

Hüjüm guralan Şibam şäheri Ýemeniň paýtagty Sananyň 40 km demirgazygynda ýerleşýär

416667
Ýemende metjide bombaly hüjüm guraldy

Ýemende Şaýy Husileriň gözegçiligi astynda bolan Mahwitin Şibam şäherinde metjitleriň birine bombaly hüjüm guraldy.

Şaýatlar wakada onlarça adamyň ýogalandygyny we ýaralanandygyny habar berdiler.

Hüjüm guralan Şibam şäheri Ýemeniň paýtagty Sananyň 40 km demirgazygynda ýerleşýär.

Hüjümiň jumga namaz wagty guraldy, şonuň üçin ýogalan adamlaryň sanynyň hem köp bolmagy ähtimal.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar