Günorta Hytaý deňizi dartgynly bolmagynda galýar

Hytaý 1948-nji ýylda çap edilen “Dokuz çyzykly karta” daýanyp Günorta Hytaý deňiziniň 80 göteriminiň özüniň suw giňişliginde ýerleşýändigini nygtaýar

416067
Günorta Hytaý deňizi dartgynly bolmagynda galýar

Indoneziýanyň Milli howpszylyk gullygynyň başlygy Luhuat Panžaitan Günorta Hytaý deňizindäki dartgynlygyň gepleşikler arkaly çözülmelidigini, ýogsa mesele sebäpli Halkara kazyýete ýüz tutjakdygyny mälim etdi.
Luhuat Panžaitan meseläniň diňe Indoneziýany däl eýsem Malaýziýany, Bruneýi, Wýetnamy we Filippinleri hem gyzyklandyrýandygyny belledi.
Nebit, tebigy gaz we balykçylyk taýdan baý bolan Günorta Hytaý deňizindäki adalar ençeme wagt bäri Indoneziýa bilen birlikde Taýwan, Hytaý, Bruneý, Malaýziýa, Wýetnam we Filippinler ýaly döwletleriň arasynda dartgynlyga sebäp bolýar.
Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo iki hepde ozal resmi sapar bilen ABŞ-na sapar gurapdy. Indoneziýanyň Prezidenti Waşingtondaky Brukings institutynda eden çykyşynda Hytaýa we Günorta-gündogar Aziýa ýurtlaryna Günorta Hytaý deňizindäki dartgynlygyň çözgüdi üçin gepleşikler geçirmäge çagyrdy.
Hytaý 1948-nji ýylda çap edilen “Dokuz çyzykly karta” daýanyp Günorta Hytaý deňiziniň 80 göteriminiň özüniň suw giňişliginde ýerleşýändigini nygtaýar. Taýwan we Filippinler hem sebitiň özlerine degişlidigini belleýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar