Günbatar Şeriada ýene-de bir palestinaly öldürildi

Ysraýylly esgerler Günbatar Şeriada 1 palestinalyny öldürdiler

415640
Günbatar Şeriada ýene-de bir palestinaly öldürildi

Günbatar Şerianyň Al-Halil şäherinde Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň hassahana guran operasiýasynda 27 ýaşly palestinaly Abdullah Şelalide ýogaldy.
Şeýlelik bilen Günbatar Şeriada ysraýylly esgerler bilen palestinalylaryň arasynda bolýan dartgynlykda ýogalan palestinalylaryň sany 270-e ýetdi.
Palestinanyň Ýarym gyzylaý jemgyýeti tarapyndan berilen baýanatda 42 adamyň hakyky ok bilen, 94-siniň palstmass ok bilen, 23-siniň ýykylyp, 111 palestinalynyň bolsa gözüňi ýaşardýan gazdan ýogalandygy bellenýär.
Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi ysraýylly esgerler tarapyndan Ramallah we Al-Bire şäherlerinde geçirilen operasiýasynda kellesinden we ýüreginden ýaralan 2 palestinalynyň ýagdaýynyň agyrdygyny nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar