Ýemeniň ozalky Premýer ministri aradan çykdy

Ýemeniň Prezidenti Abdurabbu Mansur Hadiniň sayýasy maslahatçysy bolan ýurduň ozalky Premýer ministri Abdulkerim Al-Arýani ýogaldy

365005
Ýemeniň ozalky Premýer ministri aradan çykdy

Arýaniniň ýakyn adamlaryndan alynan maglumatlara görä beýnindäki damarlaryň lagtalanmagy netijesinde Germaniýanyň Frankfurt şäherinde hassahana ýatyrylan Arýani ol ýerde geçirilen operasiýada ýogaldy.

Ýemeniň 2-nji Prezidenti Abdurrahman Al-Arýaniniň ýegeni bolan Abdulkerim Al-Arýani 1935-nji ýylda Ýemeniň Ibb welaýatynda dogulupdy.

Hökümetiň başlygy wezipesinden başgada Daşary işler ministri we orunbasary ýaly dürli-dürli wezipelerde işlän Arýani Prezident Hadiniň aglaba meselede maslatalaşýan adamlarynyň birisidi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar