Ýewropa bosgun krizisiniň hötdesinden gelmäge synanşýar

Deňiz ýoly arkaly Ýewropa gelen bosgunlaryň sany rekord goýdy

409331
Ýewropa bosgun krizisiniň hötdesinden gelmäge synanşýar

Ýewropa bosgun krizisiniň hötdesinden gelmäge synanşýar.
Oktýabr aýynda deňiz ýoly arkaly Ýewropa gelen bosgunlaryň sany rekord goýdy.
2015-nji ýylyň oktýabr aýynda 218 müňden gowrak bosgun deňiz ýoly arkaly Ýewropa bardy.
BMG-nyň Bosgunlar Ýokary komisarlygy diňe geçen aý deňiz ýoly arkaly Ýewropa baran bosgunlaryň sanynyň 2014-nji ýylyň jemi sanyna barabardygyny habar berdi.
Sentýabr aýynda şol san 173 müňe barabar boldy.
BMG üstümizdäki ýyl we 2016-njy ýylda 700 müň bosgunyň deňiz ýoly arkaly Ýewropa barmagyna garaşylýandygyny habar berdi.
Şol san 2015-nji ýyl üçin häzirden 744 müňe ýetdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar