Russiýada uçar heläkçiligi sebäpli milli ýas yglan edildi

Rus ýolagçy uçary heläkçilige uçrady

406009
Russiýada uçar heläkçiligi sebäpli milli ýas yglan edildi

Müsüriň Sina Ýarymadasynda rus ýolagçy uçary heläkçilige uçrady.
Uçar heläkçiliginden soň 100-den gowrak adamyň jesediniň tapylandygy nygtaldy.
Russiýanyň Howa ýollaryna degişli Airbus A-312 kysymly ýolagçy uçary Şarm Al Şeýhden Russiýanyň San Peterbur şaherine gitmek üçin uçdy.
Müsüriň resmi telewideniýesi uçaryň uçandan 23 minut soň ýere gaçandygyny habar berdi.
Uçaryň uçarmanynyň, uçardaky tehniki näsazlyk sebäpli gonmak isleýändiklerini habar berendigi nygtaldy.
Uçar heläkçiligi sebäpli 1 günlük milli ýas yglan eden Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin heläkçiligiň bolan ýerine rus halas ediş toparynyň ugradylmagy barada görkezme berdi.
Uçarda 17-si çaga 217 ýolagçy bilen 7 ekipažyň bardygy nygtaldy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar