Pakistanda kamikaze hüjümi guraldy

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 7 adam ýogaldy

Pakistanda kamikaze hüjümi guraldy

Pakistanyň Taunsa şäherinde guralan kamikaze hüjüminde 7 adam ýogaldy.

Deputatlaryň biriniň saýlaw býurosynyň golaýynda guralan hüjümde şeýle hem 9 adam agyr ýaralandy.

Polis çeşmeleri hüjümiň guralan wagty deputatyň merkezde ýokdygyny habar berdi.

Wakanyň bolan ýerinde derňew geçiren polis işgärleri hüjümiň arkasynda Talibanyň Tehriki Taliban golynyň bardygyny çak edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar