Günbatar Şeriada dartgynlyk dowam edýär

Ysraýylly esgerler hakyky gülle bilen 42, plastiki gülle bilen hem 89 adamy ýaralady

390971
Günbatar Şeriada dartgynlyk dowam edýär


Palestinanyň Gyzylýarymaý jemgyýeti tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda Günbatar Şeriada ysraýylly esgerler bilen palestinalylaryň arasynda başdan geçirlen wakalarda ysraýylly esgerleriň hakyky gülle bilen 42, plastiki gülle bilen hem 89 adamy ýaralandygy nygtaldy.
Beýanatda munadan başgada 151 adamyň ysraýylly esgerleriň gözüňi ýaşardýan gaz ulanmagy sebäpli bogulmak howpyny başdan geçirendigi, 7 adamyň urlandygy ýatladyldy.
Beýleki tarapdan Ysraýylyň döwlet radiosynda berlen habarda Günbatar Şeriada başdan geçirlen wakalarda ysraýylly 7 esgeriň ýaralanandygy bellenildi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar