Siriýa günsaýyn dartgynlaşýar

Siriýada urşuň taraplary barha artýar, ol hem şertleri dartgynlaşdyrýar

Siriýa günsaýyn dartgynlaşýar

Tapawutly maksatlara eýe bolan Russiýa we günbatar hyzmatdaşlygy ýurdy bomlaýan bolsa, Siriýanyň hökümeti gury ýer operasiýasyny dowam etdirýär.
Oppozisionerler göreşini dowam etdirýär, terror guramasy DAEŞ bolsa Halabyň şäher merkezine tarap öňe barýar.
DAEŞ-iň öňe gitmegi netijesinde hökümete degişli güýçler bilen arasyndaky alyslyk 20 kilometre çenli azaldy.
Taraplar ilkinji gezek şeýle ýakyn aralyga çenli geldiler.
Siriýada Russiýanyň howa hüjümleri hem dowam edýär.
Fransiýanyň Goranmak ministri Ýan Ýwes Lo Drian hüjümleriň diňe Siriýanyň hökümetini güýçlendirýändigini we 90 göteriminiň netijesizdigini öňe sürdi.
Lo Drian fransuz reaktiw uçarlarynyň DAEŞ-iň Siriýadaky ýerlerini ikinji gezek bombalandygyny beýan edip: “Bu ne ilkinji ne-de soňky bolar” diýdi.
Terror guramasy DAEŞ-iň Halapda bomba ýüklenen ulag bilen bazarda guran hüjüminde ýogalan 20 adamyň arasynda eýranly general Hüseýin Hammadi hem bar.
Harby meseleler boýunça geňeşdarlyk edýändigi habar berilen Hammadiniň DAEŞ-iň hüjüminde ýogalandygy Eýranyň Ynkylap goragçylary tarapyndan hem tassyklandy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar