UNİCEF siriýaly 10 müň çagany okuw esbaby bilen üpjün etdi

Siriýaly çagalaryň bilim alýan 17 mekdebine 35 kompýurt bilen 17 printer berildi

389117
UNİCEF siriýaly 10 müň çagany okuw esbaby bilen üpjün etdi

BMG-nyň Çagalara ýardam düzümi UNİCEF Hataý welaýatynyň Reýhanly etrabynda bilim alýan siriýaly 10 müň çagany okuw esbaby bilen üpjün etdi.
Ýurtlaryndaky içerki uruşdan gaçyp maşgalalary bilen Hataýyň Reýhanly etrabyna ýerleşen we ol ýerde özleri üçin gurlan 17 mekdepde bilim alýan siriýaly çagalara okuw esbaplary UNİCEF-iň hünärmenleri tarapyndan paýlandy.
Siriýaly çagalaryň bilim alýan 17 mekdebine mundan başgada 35 kompýurt bilen 17 printer berildi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar