Ysraýylyň ylalaşyksyz tutumyna Arap dünýäsi reaksiýa bildirýär

Liderler Ysraýylyň Ak Aksa metjidini bölmek islemegini berk ýazgardylar

389021
Ysraýylyň ylalaşyksyz tutumyna Arap dünýäsi reaksiýa bildirýär

Marokkonyň resmi habarlar gullugy MAP-yň berýän habaryna görä, Marokkonyň Şasy Muhammed 6-njy ysraýylly esgerleriň Ak Aksa metjidine girmegi barada Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, İordan şasy Abdullah 2-nji we Kataryň Emiri Temim Bin Hamad Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Telefon söhbetdeşliklerinde 4 ýurduň Daşary işler ministriniň Ysraýylyň ylalaşyksyz tutumy we halkara kanunlaryna äsgermezçilik edýän tutumyna garşy alnyp baryljak tutum meselesinde birlikde hereket etmekleri barada karar kabul edildi.
Liderler telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyň Ak Aksa metjidini bölmek islemegini berk ýazgardylar

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar