Hindistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky  dartgynlyk...

Hindistanda işleýän Saud Arabystanyň diplomatlaryndan biriniň öýünde işleýän nepalli 2 hyzmatkäri 4 aýyň dowamynda aç goýandygy, urandygy we zorlandygy baradaky habarlar iki ýurdun arasynda dartgynlyga sebäp boldy

386454
Hindistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky  dartgynlyk...

Hindistanyň polisi öýde barlag geçirip, hem diplomat hem-de ýoldaşlary tarapyndan zorlanandygyny beýan eden nepalli zenanlary halas etdi.
Saud Arabystanynyň diplomatynyň ady beýan edilmedi.
Saud Arabystanynyň ilçihanasy bolsa habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini mälim etdi.
Hindistanyň Daşary işler ministrligi Saud Arabystanynyň Deli şäherindäki ilçisini ministrlige çagyrdy, düşündiriş berilmeginde we derňeş işinde goldaw sorady.
Resmi Riýad derňew işiniň bes edilmegi üçin, Nepal bolsa adaladyň ýerine düşmegi üçin Hindistana basyş edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar