ABŞ Russiýanyň Siriýa berýän goldawyna alada bildirýär

Resmi Moskwanyň Siriýanyň hökümetine goldaw bermek üçin uçar ugratmak barada karar kabul edendigi baradaky habarlar resmi Waşingtony aladalandyrýar…

343652
ABŞ Russiýanyň Siriýa berýän goldawyna alada bildirýär

Resmi Waşington Russiýanyň Siriýanyň hökümeti goldaw bermegi howply başlangyç…
Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Joş Ernest Russiýanyň şeýle başlangyçlarynyň Siriýadaky çaknyşyklaryň möwjemegine sebäp bolup biljekdigine alada bildirdi.
Onuň Siriýadaky adam pidalarynyň artmagyna sebäp bolup biljekdigine ünsi çeken Ernest, bosgunlaryň sanynyň hasam artyp biljekdigini nygtady.
Joş Ernest DAEŞ garşy göreşýän koalisiýa bilen düşnüşmezlik howpy barada-da durup geçdi.
Daşary işler ministrliginiň geňeşçisi Jon Kirbi hem “Russiýanyň Siriýadaky çaknyşyklar üçin goşup biljek iň uly goşandy Başar Asada berýän goldawyny bes etmeklikdir” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar