ÝB Russiýa goýulan goşmaça çäklendirmeleriň möhletini uzaldýar

Sanawda Russiýanyň Wise-premýeri hem bar

ÝB Russiýa goýulan goşmaça çäklendirmeleriň möhletini uzaldýar

ÝB ukrainaly separatistlere we rus ýolbaşçylaryna goýulan goşmaça sanksiýalaryň we wiza çäklendirmeleriniň möhletini ýene-de 6 aý uzaltmak barada karar kabul etdi.
Brýusselde geçirilen Baş ilçileriň derejesinde geçirilen maslahatda kabul edilen karara laýyklykda çäklendirme goýulan 37 firma we wiza gadagançylygy boýuljak 150 adamyň sanawy 15-nji sentýabrda tassyklanar.
Sanksiýalara we wiza gadagançylygyna sezewar edilenleriň hatarynda Russiýanyň Wise-premýeri Dimitri Kozak bilen Russiýanyň Howpsyzlyk gullugynyň başlygy İgor Sergun hem bar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar