Ýaponiýa Medwedewiň saparyna reaksiýa bildirdi

Resmi Tokio Russiýanyň Premýer ministri Dimitri Medwedewiň jedelli Kuril adalaryna şenbe güni guran saparyna berk reaksiýa bildirdi

340154
Ýaponiýa Medwedewiň saparyna reaksiýa bildirdi

Premýer ministr Şinjo Abe Mejlisde sözlän sözünde Medwedewiň saparynyň ýapon halkynyň duýgularyny biynjalyk edendigini aýtdy.
Russiýanyň Baş ilçisi Ýaponiýanyň daşary işler ministrligine çagyryldy, Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Fumio Kişidanyň geljek hepde Russiýa guramagy meýilleşdirilýän resmi sapary bes edildi.
İki ýurduň 2-nji Jahan urşundan soň resmi ylalaşyk gazanyp bilmänligi sebäpli Kuril adalary 1951-nji ýylda gazanylan San Fransisko ylalaşygyna laýyklykda Russiýa degişli edilipdi.
Emma resmi Tokio adalaryň özüne degişlidigini öňe sürýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar