Ysraýyl Siriýa hüjüm gurady

Ysraýylyň Ýaragly güýçleri Golan depelerindäki Siriýanyň goşunyna degişli ýerlere hüjüm gurady

Ysraýyl Siriýa hüjüm gurady

Ysraýyl Golan depelerindäki Siriýanyň Ýaragly güýçlerine degişli ýerlere artilleriýa we howa hüjümlerini gurady.

Ysraýylyň goşunyna degişli bir dik uçar Kuneýtra etrabynda Asada bagly Aragatnaşyk edarasyny we gubernatorlyk binasyny nyşana aldy.

Hüjümlerde ençeme bina zeper ýetdi.

Ysraýylyň hökümeti ýurduň demirgazyk sebitlerine Siriýa tarapyndan guralan 4 roketa hüjümine jogap hökmünde guraldy diýip aýdýar.

Ysraýyl 1967-nji ýylda 6 gün söweşlerinde Golan depelerini ele geçiripdi.

Ysraýylyň Golan depelerini basyp almagy halkara guramalar tarapyndan kabul edilmedi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar