Netanýahunyň göz tussaglygyna alynmagy üçin kampaniýa başladyldy

Kampaniýa häzirden 65 müňden gowrak adam goldaw berdi

331381
Netanýahunyň göz tussaglygyna alynmagy üçin kampaniýa başladyldy

Britaniýanyň parlamentiniň internet saýtynda başladylan gol ýygnama kampaniýasyna häzirden 65 müňden gowrak adam goldaw berdi.
Demiýin Muren tarapyndan berlen arzada “Netanýahu geçen ýyl 2 müň adamy öldürmek bilen uly jenaýat edendigi sebäpli Beýik Britaniýa gelen mahaly göz tussaglygyna alynmaly” diýildi.
Arza 100 müňden gowrak adam goldaw beren halatynda meseläniň parlamentiň gün tertibine getirlip getirilmejekdigi meselesi seljerler.
Emma sentýabr aýynda Britaniýa sapar gurajak Netanýahunyň diplomatik el degrilmesizligi bar.
2008-nji ýylda Britaniýada kaziýet Gazada eden jenaýaty sebäpli Ysraýylyň hökümet agzalarynyň tussag edilmegi barada karar kabul edipdi we karar sebäpli Ysraýylyň Daşary işler ministri Liwni Britaniýa gurajak saparyndan ýüz öwürmäge mejbur bolupdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar