Müsür Refah gümrük geçelgesini açdy

Gazanyň 7 gümrük geçelgesiniň 6-sy Ysraýylyň, 1-i bolsa Müsüriň gözegçiligi astynda

331343
Müsür Refah gümrük geçelgesini açdy

Müsüriň hökümeti Ysraýylyň gabawy astyndaky Gazanyň dünýä açylan ýeke täk gümrük gapysy bolan Refah gümrük gapysyny 4 gün möhlet bilen iki taraplaýyn görünşde açdy.

Talyplara we okuwçylara, ýaşaýyş üçin rugsady bolanlara we daşary ýurt pasportlary bolanlara Refah gümrük geçelgesinden geçmäge rugsat berilýär.

2006-njy ýyldan bäri Ysraýylyň gabawy astynda bolan Gazanyň 7 gümrük geçelgesiniň 6-sy Ysraýylyň, 1-i bolsa Müsüriň gözegçiligi astynda.

Müsüriň hökümeti 2013-nji ýylyň iýul aýynda bolan harby agdarylyşykdan soň gümrük geçelgesini birnäçe günlügine açýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar