ABŞ Hytaýa içalylar meselesinde duýduryş berdi…

Resmi Waşington Hytaýa ABŞ-daky hytaýlylar arkaly basyş emele getirmek üçin içalylardan peýdalanmazlyk barada duýduryş berdi

331019
ABŞ Hytaýa içalylar meselesinde duýduryş berdi…

“Nýu-Ýork Taýms” gazetiniň ýazmagyna görä migrantlaryň ýurduna dolanmagy we bikanun pul serişdeleriniň ýaňadandan ýurda getirilmegiüçin Hytaýyň hökümeti ýörite içalylardan peýdalanýar.
Habarda Hytaýyň Jemgyýetçilik howpsyzlygy ministrligine tabynlykdaky içalylaryň “Tilki awy operasiýasy” atlandyrylýan operasiýa üçin Amerika syýahatçylyk we söwda wizasy bilen gelýändikleri nygtalýar.
Gazet Hytaýda galp etmekde gözlenýän adamlaryň nyşana alynan operasiýasynyň çäginde soňky bir ýylda 930-dan gowrak hytaýlynyň ýurduna dolanmagynyň üpjün edilendigini ýazýar.
ABŞ-nyň döwlet sekretarlygy bolsa muňa öz nägileligini bildirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar